Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi barada maglumat
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 25-nji iýunyndaky 11106 belgili karary bilen öňki Aşgabat şäherindäki 3-nji hünärment mekdebiniň binýadynda döredildi.
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň 2-sany okuw binasy, 5-sany döwrüň talabyna laýyk abzallaşdyrylan okuw-önümçilik ussahanasy, 4 gatdan ybarat bolan 2-sany 400-orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, Magtymguly muzeýi, mekdebiň taryhy muzeýi, kitaphana we 500 we 160 orunlyk mejlisler zaly, basketbol, woleýbol, futbol sport meýdançalary, 100 orunluk naharhanasy bar. Okuw otaglary gerekli enjamlar, kompýuterler, interaktiw tagtalar bilen üpjün edilen.
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde “Ak mermer” folklor etnografik aýdym-saz, tans topary döredildi. Ol topar Döwlet derejesinde geçirilýän çärelere-dabaralara gatnaşyp gelýär. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn-asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldy. Şeýle-de Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde "Mermer" sport ýygyndy topary döredildi. Ol topar "Türkmenistan - ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy" atly spartakiada ýaryşlarynda onki gezek birinji orna mynasyp boldy.