Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 25-nji iýunyndaky 11106 belgili karary bilen öňki Aşgabat şäherindäki 3-nji hünärment mekdebiniň binýadynda döredildi we şugunki güne çenli dolanşykda.
Biziň mekdebimizde ýokary derejeli halypa mugallymlar zähmet çekýärler. Biziň halypa mugallymlarymyz talyp ýaşlara bilim bermekde olary öz saýlap alan kärleriniň eýesi bolmakda uly işleri edýärler. Talyplara diňe bir sapak bermän eýsem tejribe sapaklary bilen bilimini ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýarlar.
Mekdebimizde her hepdäniň şenbe gününde baýramçylyk çärelerine bagyşlanyp aýdym saz çykyşlary, sport çäreleri, çeper okaýyşdyr we beýleki gurnaklar yzygiderli alnyp barylýar we ýeňiji bolan talyplary höweslendiriji baýraklardyr 'Hormat haty" bilen sylaglandyrylýar.
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň sanly bilim portaly diňe bir kompýuter enjamyndan peýdalanylman, eýsem indi innowasion tehnologiýalarynyň kömegi bilen her bir mugallym, her bir talyp ýa-da her bir ene-ata islendik ýerde öýjükli telefonynyň üsti bilen hem peýdalanyp bilerler.